Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Iş bolsady, tenimizi satmazdyk"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Duşenbedäki käbir tenini satýanlar, jerimedir-jezalaryň hasam ýokarlandyrylmagynyň olary bu gadymy käri taşlamaga mejbur edip bilmejegini aýdýarlar. Sebäbi olaryň başgaça ýagdaýda maşgalasyny eklemäge tapyp biljek çäresi ýok.

Özüni Niso diýip tanadan zenan bary-ýogy 24 ýaşynda. Ol eýýäm iki gezek durmuşa çykypdyr we häzir ol iki sany kiçijik çagasyny ýeke özi ekleýär. Ol, tenini satýanlara garşy görülýän çäreleriň hasam güýçlendiriljekdigi barasynda gaty ir eşidendigini belleýär. Ýöne ol özüniň bu "kärini" taşlap bilmejekdigini, sebäbi onuň çagalaryny eklemäge başga çykalgasynyň ýokdugyny nygtaýar.

"Köp adam belki biziň bu işi bilen keýpine meşgullanýandygymyzy pikir edýän bolmagy ahmal. Ýöne bu nädogry. Häzir güzeran görmek gaty kyn. Eger men gündelik iň azyndan 30 somon tölegli iş tapyp bilsem, gaýdyp hiç haçan "ile masgara" iş etmezdim. Men köçe süpürmäge ýa-da gap-gaç ýuwmaga-da razy... Ýöne gynansagam iş ýok. Bize haçan-da äsgermezçilikli ýagdaýda "jelep" diýenlerinde ýer ýarylanok, men ýere girip bilemok".

Niso, eýýäm alty ýyldan bäri tenini satmak bilen meşgullanýandygyny aýtmak bilen, ýöne häzir diňe haçan-da gapjygy "tam-takyr bolan mahaly" köçä tenini satmaga çykýandygyny gürrüň berýär. Ol ýygy-ýygydan "Marworid" atly merkeze baryp, tenini satýanlar üçin döredilen mugt ýuwunyp, gany barlatmak mümkinçiliginden peýdalanýandygyny gürrüň berýär.

Niso bilen söhbet edip otyrkak, beýleki zenanlar hem ýanymyza geldi. Olar, adamlaryň diňe bir ýygy-ýygydan äsgermezçilik etmek bilen çäklenmän, hat-da gynamaga hem synanşyk edýändiginden nägilelik bildirdiler. Täjigistanda "Gije kebelekleri" diýip atlandyrylýan ol zenanlaryň aglaba köpçüligi ýurduň dürli çetinden paýtagta gelipdirler. Olaryň aglasy ýaş zenanlar we şol bir wagtyň özünde-de ýoldaşyndan aýrylşan. Tenini satýan ol zenanlaryň köpüsiniň orta bilim şahadatmanasy hem ýok. Sebabi olary gaty ir durmuşa çykarypdyrlar. Üç zenandan diňe biri zordan öz gepini düşündirmegi başaryp bilýär.

Täjigistanyň mejlisiniň 15-nji oktýabrda kabul eden kararyna görä, tenini satýan raýatlar saklanan mahaly ilki başda pul jerimesine çekiler, soň bolsa 10 günden 15 güne çenli göz astynda saklanar. Täze kanuny üýtgeşiklik owal pul jerimesi jezasyny alyp, soňam öz tenini satmaga dowam edýän mahaly saklanan raýatlara degişlidir. Adminstratiw düzgünleri bozanlar baradaky kodekse girilen bu üýtgeşiklik, owal iň az aýlygyň 10 essesinden 20 essesine çenli tölenen jerimäniň mukdaryny 20 esseden 40 essä ýokarlandyrýar we gaýtalanan halatyndaky jezany hem 10 günden 15 güne çenli göz astynda saklanmak görnüşinde kesgitleýär. Täjigistanyň halk wekilleri owalky çäreleriň tenini satýanlara garşy täsirli netije bermändiginden nägile.

Täjigistanyň kanyny ten söwdasyny jenaýat hasaplamaýar. Şonuň üçinem şeýle aýyplama bilen duruzylan raýatlar polisiýa bölümine eltilýär we ol ýerde düşündiriş ýazdyrylýar. Şonuň ýaly-da mertebäni pesedýän ýagdaýda ginokologiýa hem ýokanç keseller boýunça hekim barlaglaryndan geçirilýär we jerime puluny töläninden soň goýberilýär. Ýöne kanunlar, pul üçin adamlara ten söwasyny etdirýänler, ten söwdasyny gurmaçylylykly ýagdaýda gurnaýanlar we adam söwdasyny edýänler üçin azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilmegini göz öňünde tutýar.

Täjigistanyň hökümetiniň aýtmagyna görä, ten söwdasyny edýän adamlaryň anyk sany barada jikme-jik maglumat ýok. Metbugatda aýan edilýän sanlar bolsa, umuman geçirilýän haýsam bolsa bir polisiýa çäresiniň netijesine görä kesgitlenýär.

2014-nji ýylyň maý aýynda bu ugurda ýurtda iň uly howpsuzlyk çäresi durmuşa geçirilipdir. Şonda Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň aýan eden hasabatyna görä, ten söwasy bilen meşgullanan bäş ýüze golaý zenan bilen az sanly erkek adam saklanypdyr. Howpsuzlyk çäresinde oturylşyk ýerlerinde, gije kluplarynda we şahsy jaýlarda ten satýanlar ele salynypdyr. 2013-nji ýylda tutuş Täjigistan boýunça 1641 sany ten sowdasy wakasyna duş gelinipdir.

Ele salynanlaryň aglaba köpçüligi pulsuzlyk we işsizlik sebäpli şeýle işe baş goşandygyny aýan edipdir. 2015-nji ýylyň maý aýynda SPID-e garşy bütündünýä göreş fondy, Täjigistanda ýokanç keseller boýunça geçirilen derňewiň netijesini aýan edipdir. Guramanyň geçirlen saglygy saklaýyş we demografiýa barlaglaryna salgylanyň aýan eden hasabatyna görä, ýurtda 14 müňe golaý ten söwasy bilen meşgullanýan bar. Täjigistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi bolsa soň bu hasabatyň hiç bir esasa daýanmaýandygyny aýdyp çykyş edipdir.

Adam hukuklaryny goraýanlaryň aýtmagyna görä, işsizlik sebäpli güzeran ýagdaýy gaty agyr bolan adamlar ten söwdasy bilen meşgullanmaga mejbur bolýarlar. Olar, ýurtda şol bir wagtyň özünde jemgiýet tarapyndan ýekiriliň, organ işgärleriniň hem dürli gysyşlaryna we äsgermezçiliklerine hem duçar edilýärler. Olaryň hak-hukuklaryny goramak ýa-da olara has töwekkelçilikli çemeleşmek, jemgiýetde "şeýle iş bilen diňe moral taýdan bozuk bolanlar meşgullanýarlar" diýen düşünje höküm sürýändigi üçin her kime başardanok.

XS
SM
MD
LG