Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeriler parlamenti saýlaýar


Parlament saýlawlary. Azerbaýjan. 1-nji noýabr, 2015 ý.
Parlament saýlawlary. Azerbaýjan. 1-nji noýabr, 2015 ý.

Azerbaýjanda parlament saýlawlary geçýär. Bu saýlawlar Ýewropanyň iň uly gözegçilik guramasy we ýurtdaky ähli oppozisiýa partiýalary tarapyndan boýkot edildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we Demokratik institutlary edarasy 1-nji noýabrda geçýän ses berilişige öz synçylaryny ugratmagy ret etdi.

Bu netije Bakuwyň gürrüňi gidýän edaranyň rugsat berlen gözegçileriniň sanyny 131-e çenli kemeltmeginden soň yglan edildi. ÝHHG girizilen çäklendirmäniň saýlawlara doly syn edip bilmegi üçin zerur bolan synçylarynyň sanynyň diňe üçden bir bölegini düzýändigini aýtdy.

Azerbaýjanda saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen irden 08:00-da (Aşgabat wagty bilen 09:00-da) açyldy. Ýurtda 5 milliona golaý raýatyň ses bermäge hukugy bar.

XS
SM
MD
LG