Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa oppozisiýasy bilen ‘hyzmatdaşlyk edýär’


Siriýanyň taryhy Palmira şäheri.
Siriýanyň taryhy Palmira şäheri.

Orsýetiň harbylary özleriniň Siriýadaky “terroristik güýçleri pozisiýalaryna” garşy urýan howa zarbalarynyň prezident Başar al-Assadyň režiminiň garşydaşlary, ýagny aram oppozision güýçleriň berýän maglumatlaryna esaslanyp geçirilýändigini ilkinji gezek öňe sürdi.

Orsýetiň ýaragly güýçlerinden general Andreý Kartapolowyň 3-nji noýabrda aýtmagyna görä, Orsýetiň harbylary aram oppozision söweşijiler bilen “terroristlere garşy bilelikdäki operasiýalary geçirmek boýunça ylalaşyga gelipdirler”. Onuň sözlerinden çen tutulsa, onda Orsýetiň Siriýadaky harby güýçleri olary zerur operatiw maglumatlar bilen üpjün edýän aram oppozision güýçler bilen gatnaşyklary ýola goýupdyr.

“Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerine garşy aýrylykda howa hüjümini amala aşyrýan Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary 30-njy sentýabrda Orsýetiň howa güýçleri Siriýada howa zarbalaryny urmaga başlaly bäri, Moskwany ilkibaşdan Assadyň režimini goldap, aram oppozision güýçlere zarba urmakda aýyplap geldiler.

Oppozision söweşijileriň maglumatlary

Häzirki wagtda Moskwa “Yslam döwleti” atly topara garşy söweşi güýçlendirmek maksady bilen “oppozision wekiller” bilen “sazlaşykly iş toparlaryny” döredendigini aýdýar.

Maglumatda Orsýetiň harbylaryna nyşana alynmaly ýerleriň koordinatyny bermäge gatnaşýan adamlaryň şahsyýeti gizlin saklanylýar diýilýär. Galyberse-de, bu habarda haýsy oppozision toparlaryň orslara maglumat bermäge gatnaşýandygy barada takyk faktlar aýdylmaýar.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň 3-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda: “Şeýle ýakyn hyzmatdaşlyklar bize hökümet güýçleriniň Siriýanyň beýleki patriotik guramalary bilen bileleşmäge mümkinçilik berýär” diýilýär.

Kartopolow 3-nji noýabrda Orsýetiň 24 sany howa zarbasyny geçirendigini aýdyp, şol sanda “Yslam döwleti” atly toparyň gadymy Palmira şäheriniň golaýyndaky we Deir ez-Zor şäheriniň gündogaryndaky jeňçilerine garşy hüjümde oppozision söweşijileriň maglumatlary ulanyldy diýdi.

Howa zarbalary

Orsýetiň goranmak ministri Palmiranyň golaýyna edilen hüjümleriň netijesinde fortifikasiýanyň, ýagny harby-injenerlik gurluşyklaryň, ýerasty bunkeriň, zenit artilleriýa oklarynyň ýok edilendigini öňe sürdi.

Emma synçy toparlar Orsýetiň bu eden hüjümleriniň netijesinde parahat ilata we şäheriň taryhy bölegine hem zyýan ýetendigini aýtdylar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary boýunça synçy toparynyň ýolbaşçysy Rami Abdel Rahman we beýleki aktiwistler howa zarbalarynyň Palmiranyň taryhy galasyna düşendigini aýtdylar. Emma Kreml bu maglumatlary ret edýär.

Siriýanyň synçy topary Orsýetiň howa zarbalarynda Homs welaýatynda hem azyndan 10 adamyň ölendigini we başga-da birnäçesiniň ýaralanandygyny habar berýär.

Orsýet 1-nji noýabrdan bäri öz uçarlarynyň Siriýada 250-den gowrak, şol sanda “Yslam döwleti” atly toparyň we “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli “Al-Nusra frontunyň” pozisiýalaryny nyşana alandygyny aýdýar.

Moskwanyň berýän maglumatyna görä, Halap (Aleppo) welaýatynda daşary ýurtly söweşijileri türgenleşdirýän lagere we ýasama partladyjy serişdeleri öndürýän zawoda howa zarbasy urlupdyr. Hama welaýatynda hem Orsýet tarapyndan iki sany ýarag ýükli ulaga hüjüm edilipdir.

XS
SM
MD
LG