Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan söweş dikuçarlaryny almakçy


Hindistanyň MI-25 kysymly söweş dikuçary, Nýu Deli
Hindistanyň MI-25 kysymly söweş dikuçary, Nýu Deli

Owganystanyň Orsýetde öndürilen Mi-25 kysymly dört söweş dikuçaryny Hindistandan satyn almakçydygy habar berilýär.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşçisi Mohammad Hanif Atmaryň dynç günlerinde bu işi tamamlamak üçin Hindistanyň paýtagtyna barjakdygy Nýu Delidäki we Kabuldaky çeşmelere salgylanyp habar berildi.

Hindistanly çeşmeleriň birinde Hindistanyň dikuçarlary Owganystana aşyrmak meselesini ABŞ-nyň Owganystandaky baş harby ýolbaşçysy general Jon Kampbell bilen maslahat edendigi bellendi.

Hindistanyň berjek diýilýän söweş dikuçarlarynyň bu ýurduň Owganystan bilen 2011-nji ýylda strategiki partnýorlyk barada ylalaşyga gol çekmeginden soň berilýän ilkinji söweş ýaragy bolup biljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG