Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Buharest: Klubda ölenler 43-e ýetdi


Buharestdäki gije klubynda bolan ýangynda düşen ýaralardan ýene 11 adam öldi we betbagtçylyk pidalarynyň jemi sany 43 boldy.

Rumyniýada köp adam 30-njy oktýabrda bolan ýangynda hökümeti günäledi, ýagny onuň howpsuzlyk standartlaryny durmuşa geçirmändigini öňe sürdi.

Premýer-ministr Wiktor Ponta we onuň hökümeti 4-nji noýabrda, köpçülik protestlerinden soň, işden çekildi. Gijeki klubyň ýerleşýän etrabynyň häkimi, şäher geňeşiniň iki işgäri bilen bilelikde tussag edildi.

Korrupsiýa işlerini derňeýän prokuratura 7-nji noýabrda olaryň, ýangyn söndürijilerden ygtyýar almazdan, gijeki klubyň açylmagyna rugsat berendiklerini aýdýar.

XS
SM
MD
LG