Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ghaznide ogurlanan hazaralar boşadyldy


Zabul welaýatynda tapylan etnik hazaralaryň jesetleri, Ghazni, 9-njy noýabr, 2015
Zabul welaýatynda tapylan etnik hazaralaryň jesetleri, Ghazni, 9-njy noýabr, 2015

Owganystanyň aňtaw agentligi 2015-nji ýylyň başynda ogurlanan etnik hazaralaryň uly toparynyň düzüminde bolan sekiz adamy boşadandygyny habar berdi.

Howpsuzlyk boýunça milli müdirliginiň (NDS) beýannamasynda 10-njy noýabrda Ghazni welaýatynda bäş erkek adamyň, iki zenanyň we bir ýetginjegiň boşadylandygy aýdyldy.

Boşadylan bu adamlaryň mart aýynda Ghaznide awtobusdan ogurlanan 31 adamyň arasyndan bolup bolmandygy takyk edilmedi.

Hökümet resmileri şol adam ogurlygynyň yzynda “Yslam döwleti” toparynyň durandygyny aýdypdy.

10-njy noýabrda boşadylan adamlaryň ogurlanmagyna kimiň jogapkärdigi barada maglumat berilmedi.

7-nji noýabrda Zabul welaýatynda soňky aýlarda Ghaznide ogurlanan hazaralaryň ýedisiniň kellesi kesilen jesetleri tapyldy.

XS
SM
MD
LG