Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml dopinge degişli aýyplamalary ret etdi


Kreml Bütindünýä anti-doping agentligi WADA-nyň orsýetli sportçular ýerine ýetirijilik güýji artdyrýan gadagan dermanlary döwletiň goldamagy bilen sistemalaýyn ulanypdyrlar diýýän aýyplamasyny esassyz gep diýip, ret etdi.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 10-njy noýabrda: "Käbir subutnamalar berilmese, bu aýyplamalary kabul etmek kyn. Bular bütinleý esassyz" diýdi.

10-njy noýabrda ir bilen Orsýetiň Sport ministrligi ýurduň anti-doping gözegçiligi tarapyndan bolýan "ähli" bidüzgünçilikleri aradan aýyrmak üçin özüniň WADA bilen hyzmatdaşlyga açykdygyny aýtdy.

Bu beýanatlardan bir gün öň anti-doping komissiýasy Orsýetde ençeme ýyllap düzgünleriň sistemalaýyn bozulandygy barada hasabat ýaýratdy. Bu bidüzgünçilikler ors laboratoriýalarynda subutnamalaryň ýok edilmegi, parahorluk, mekirlik we aldaw ýaly zatlary öz içine alýar.

IAAF-niň çagyryşy

Bu barada taýýarlanan 335 sahypalyk hasabaty ýazanlaryň biri WADA-nyň öňki başlygy Dik Pound Orsýetde "häkimiýetler tarapyndan razylyk berilmese we olar biligli bolmasa, bu zatlar dowamly edilmezdi" diýdi.

Pound Atletika federasiýasynyň halkara assosiasiýasy IAAF-i Orsýetiň Atletika federasiýasyna mundan beýläk boljak ýaryşlara, şol sanda 2016-njy ýylda Rioda geçjek Olimpiada oýunlaryna hem gatnaşmaga ýol bermezlige çagyrdy.

IAAF-niň prezidenti Sebastian Koe hem Orsýete bu hasabata resmi suratda jogap bermek üçin üstümizdäki hepdäniň aýagyna çenli möhlet berdi.

Ol Orsýetiň Atletika federasiýasyny duruzmalydygy ýa däldigi barada IAAF-niň geňeşi karar çykarar diýdi.

Koe bu ugurda "örän çalt" herekete geçmegi wada etdi.

“Başga ýurtlarda hem bar”

Orsýetiň Sport ministrligi 9-njy noýabrda beýannama çykaryp, hasabatda aýdylýan käbir ýagdaýlar garaşylmadyk zatlar däl diýdi. Beýannamada Orsýetiň atletika guramalarynyň müdiriýetinde soňky wagtlar bolan üýtgeşmeler doping meselelerini aradan aýrar diýilýär.

"Biz Bütinrussiýa atletika federasiýasy ARAF-de bar bolan problemalara doly ýetik. Ýagdaýy düzetmek üçin çäreler girizdik" diýip, ministrlik belleýär.

Hasabat agentlik tarapyndan döredilen komissiýanyň ençeme aýlap alyp baran işleriniň netijesi. Komissiýanyň döredilmegine hem Germaniýanyň ARD telekanalynyň Orsýetdäki doping işleri barada dekabr aýynda beren dokumental programmasy sebäp boldy.

Pound bu barada şeýle diýdi: "ARD programmasynda bellenen zatlaryň uly bölegini garaşsyz komissiýa dogry tapdy. Biz muny taýýarlan germaniýaly žurnalist Haýo Seppelti we ARD-ni derňeýji žurnalistik iş üçin gutlaýarys. Bu iş sportda dopinge garşy göreşde möhüm öňegidişlik etmek babatda özboluşly mümkinçilige getirdi".

Orsýetiň Sport ministri Witaliý Mutkonyň aýtmagyna görä, bular ýaly problemalar başga ýurtlarda hem bar we Orsýetiň saýlanyp tutulmagy adalatsyzlyk.

Ol habar agentligi Interfaksa: "Biziň utanara zadymyz ýok. Dogry, bu gün problemalarymyz ýok däl, ýöne biz olary bassyr-ýussur edemzok" diýdi.

XS
SM
MD
LG