Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sloweniýa serhetde haýat gurýar


Sloweniýa 11-nji noýabrda Horwatiýa bilen serhedinde tikenli simden haýat gurmaga başlady. Bu çäre Balkan ýurtlarynyň üsti bilen gelýän migrant akymynyň öňüni almak üçin görülýär.

Sloweniýa geçen aý, Wengriýa Horwatiýa we Serbiýa bilen aradaky serhetlerini ýapanyndan soň, demirgazyk Ýewropa barýan müňlerçe migrantyň iň köp barýan ýurduna öwrülipdi.

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan iki million ilatly kiçijik ýurduň üstünden, oktýabryň ortasyndan bäri, 180 müňden gowrak migrant geçdi.

Ol migrantlaryň köpüsi Germaniýa, Awstriýa, Şwesiýa barýardy.

"Biz özümiziň günorta srehedimiziň iki ýerinde tehniki päsgelçilik haýatlaryny guramaga başladyk» diýip, içeri işler ministri Bostýan Sefiç slowen paýtagtynda guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG