Orsýetli atletleriň halkara ýaryşyna gatnaşdyrylmalyny ýa-da ýok diýen karary kesgitleýän toparyň esasy agzasy ukrainaly tanymal atletikaçy Sergeý Bubka özüniň günäsizleri goramak isleýändigini aýtdy.
Atletler federasiýasynyň halkara assosiasiýasynyň wise-prezidenti Bubka 12-nji noýabrda metbugata interwýu berip, onda ol assosiasiýanyň orsýetli türgenlere garşy ýöňkelýän doping aýyplamalaryna ýeke-ýekeden seretmelidigini we günälileriň jezalandyrylmalydygyny, şol bir wagtda günäsizleriň goralmalydygyny aýtdy.
“Muňa gatnaşan ähli adamlar, resmiler, dolandyryjylar ýa-da türgenleşdirijiler munuň tölegini tölemelidirler. Emma bu mesele bilen ilteşigi bolmadyk adaty türgenler hiç bir ýaryşy sypdyrmaly däldirler” diýip, taýak bilen ýokary bökýän türgen Bubka belledi.