Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Olland: Parižde 127 adam öldürildi


Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Parižde guralan hüjümlerde 127 adam öldürildi diýdi we bu işiň "Yslam döwleti» toparynyň ekstremistleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Pariždäki hüjümleri «uruş hereketi» diýip atlandyrmak bilen, Olland 14-nji noýabrda telewideniýe arkaly eden çykyşynda bu hüjümleriň Fransiýanyň içinden kömek berilmegi netijesinde daşary ýurtdan gurnalandygyny hem amala aşyrylandygyny aýtdy.

Ol 16-njy noýabrda parlamentiň adatdan daşary duşuşygynda çykyş etjekdigini, şeýle-de ýurduň üç günläp resmi ýas tutjakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG