Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Putin täze komissiýany döretdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we goranmak ministri Sergeý Şoýgu. 17-nji noýabr, 2015 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we goranmak ministri Sergeý Şoýgu. 17-nji noýabr, 2015 ý.

Kreml prezident Wladimir Putin terrorizmi maliýeleşdirmäge garşy göreşýän bölümara komissiýany döretdi diýýär.

18-nji noýabrda gol goýlan karara laýyklykda, Putin ýurduň Baş prokuratura edarasyna, merkezi banka we regional häkimiýetlere täze komissiýany terrorçylyk hereketleri bilen şübhelenilýän guramalar we şahslar barada özlerinde bar bolan maglumatlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Bu çäre Orsýet geçen aý Müsürde orsýet uçarynyň heläkçilige uçramagyna bombanyň sebäp bolandygyny tassyklandan soň mälim edildi.

Putin Orsýetiň gizlin gullugyna şol wakanyň jogapkärlerini tapmagy tabşyrdy. Şeýle-de, ol Siriýada howa hüjümlerini güýçlendirmegi wada berip, “jenaýatçylar ar alynjakdygyna düşünmeli” diýdi.

XS
SM
MD
LG