Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gani Nazarbaýew bilen maslahatlaşdy


Owgan prezidenti Aşraf Gani Gazagystana ilkinji resmi saparynda gazak kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew bilen ykdysady we howpsuzlyk gatnaşyklara barada maslahatlaşdy.

Gani 20-nji noýabrda Astanada özleriniň howpsuzlyk we «hiç bir araçägi bilmeýän bela-beter bolan» terrorizme garşy göreş barada gürleşendiklerini aýtdy.

Nazarbaýew Ganä Gazagystanyň «owgan halkynyň parahatçylykly durmuş ugrundaky arzuw-islegine goldaw bermegi» dowam etdirjegini aýtdy.

Gani özüniň «uruş prezidenti» bolmak islemeýändigini, emma prezident hökmündäki «esasy borjunyň» özleriniň «milli gutulyşyny goramakdan ybaratdygyny» aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG