Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde 'gizlin otaglar' barlanýar


Müsür resmileri ýurduň gadymy oglan patyşasy Tutanhamunyň mazarynyň içinde gizlin otaglaryň hem bar bolmagy mümkin diýýärler.

Gözleg-agtaryş işleri gaýtadan başlanmazyndan öň, mazar diwarlarynyň skanirlenen radar şekilleri bir aýlyk derňew üçin Ýaponiýa iberiler diýip, gadymy eksponatlar ministri Mamdouh el-Damaty 28-nji noýabrda Luksorda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Britaniýaly müsür öwreniji Nikolas Riwis gizlin otagyň şa aýal Nefertitä, Tutanhamunyň kakasy Akhenateniň aýalyna degişli bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.

Eger ol otaglarda Nefertitiniň mazary tapylsa, bu müsürli arheologlaryň şu asyrdaky iň ajaýyp tapyndysy bolar.

XS
SM
MD
LG