Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Çernogoriýany agza bolmaga çagyrdy


NATO-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy, Brussel, 2-nji dekabr, 2015
NATO-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy, Brussel, 2-nji dekabr, 2015

NATO-nyň daşary işler ministrleri Çernogoriýany harby bileleşige çagyrmak barada ylalaşdylar.

Çernogoriýanyň wise-premýeri Igor Luksiç NATO-nyň çakylygynyň “Günbatar Balkanlar üçin pozitiw signaldygyny” aýtdy.

Adriatik deňzi regionynyň 600 müň ilatly ýurdy Çernogoriýa 2017-nji ýylda NATO-nyň 29-njy ýurdy bolar.

2009-njy ýylda NATO-nyň düzümine Albaniýa we Horwatiýa giripdi.

NATO-nyň ýaýbaňlanmagyna garşy çykyş edýän Orsýet Çernogoriýanyň harby bileleşige goşulyşmagyna prowokasiýa hökmünde seretjekdigini aýtdy.

Orsýet Çernogoriýanyň NATO goşulan ýagdaýynda, bu ýurt bilen bilelikdäki proýektleri ýatyrjagyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG