Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki türk maşgalalarynyň gorky-aladalary


Orsýetli protestçiler.
Orsýetli protestçiler.

Türkiýe 24-nji noýabrda özüniň Siriýa bilen serhediniň golaýynda Orsýetiň “Su-24” kysymly uruş uçaryny urup ýykany bäri Orsýetdäki türkler gorkunç wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Türkiýe tarapyndan ors söweş uçarynyň urlup ýykylmagyna Orsýet gahar-gazaply jogap berdi.

Orsýetde gurluşyklaryň dowam edýän sebitinde migrasiýa polisiýasy tarapyndan ençeme türk tussag edildi we türk zawodlaryna polisiýa tarapyndan duýdansyz salgyt reýdleri geçirildi. Gahar-gazaply orsýetlileriň ýüzlerçesi Türkiýäniň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde ýygnanyp, binanyň penjirelerini daşlady. Orsýetdäki türkler bolsa, polisiýanyň yzarlamalaryndan gorkup, metro münmekden gaça durýandyklaryny aýdýarlar.

Emma iň erbedi, Orsýetiň 90 müň çemesi ilatly türk jemgyýetiniň wekilleri, Kremliň Türkiýeden ar alyş çäreleri özlerine güýçli täsir ýetirip ugransoň, öz maşgalalaryny alyp Orsýeti terk etmelidiklerine düşünip başlana meňzeýär. Orsýetdäki türkleriň aglabasy gurluşyk işgärleridir.

Kabul edilen çäreler

28-nji noýabrda, ýagny Orsýetiň söweş uçary urlup ýykylandan dört gün soň, prezident Wladimir Putin Orsýetiň “milli howpsuzlygyny” berkitmäge we orsýet raýatlaryny “goramaga” gönükdirilen çäreleriň ençemesini kabul etdi. Onuň düzümine Orsýetiň Türkiýe bilen ýeňilleşdirilen wiza režimini ýatyrmak, iki ýurduň arasyndaky çarter uçuşlary duruzmak we Orsýetiň kompaniýalaryna şu aýdan başlap türkleri işe çekmegi gadagan etmek ýaly düzgünler girýär.

Bu ýagdaý sanksiýalaryň gönüden-göni täsiri ýetmeýän türklere-de öz täsirini ýetirjege meňzeýär.

Bu ýagdaý 34 ýaşly Umudyň hem Moskwadaky ýyllarynyň soňy boljaga çalym edýär. Ol türk kompaniýalaryna gurluşyk harytlaryny satýan ors kärhanasynda işleýär.

Ol eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri Orsýetiň paýtagtyny öz öýi saýýar we onuň Anna atly ors aýaly bar. Olaryň Roman atly 1 ýaşly ogly bar we ol Orsýetiň raýaty.

Jikme-jikleri jedelli waka

Umut “Ol [aýalym] örän gorkýar, ol näme boljagyny bilmeýär. Ol hemişe biz bu ýerde galarys we Roma hem şu ýerde ulalar öýdýärdi. Men indi bu ýerde gelejegimizi görüp bilemok. Biz öňümizdäki alty aýyň ýa-da öňümizdäki ýylyň dowamynda bu ýerden gitmegiň planyny düzmeli” diýip gürrüň berýär.

Orsýetiň söweş uçarynyň urlup ýykylmagy bilen bagly wakanyň jikme-jikleri jedelli bolup galýar, emma iki döwlet hem bir-biriniň aýagynyň aşagyny köwmegi dowam etdirýär.

30-njy noýabrda Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Igor Şuwalow görülýän çäreleriň şu ýyl tamamlanmazdan ozal gol goýlan gurluşyk şertnamalaryna öz täsirini ýetirmejekdigini aýtdy. Umut munuň özüne ýene-de bir ýyl Orsýetde galmagyna mümkinçilik berjekdigine ynanýar.

"Olar ýurdy terk etmäge mejbur ediler"

Emma “Civic Assistance” atly hökümete degişli däl guramada migrasiýa işleri boýunça spesialist we tanymal adam hukuklaryny goraýjy Swetlana Gannuşkina sanksiýalaryň bulaşyk görnüşde kesgitlenendigini duýduryp, Orsýetdäki türkleriň gelejegi barada öz umytsyzlygyny beýan edýär.

Gannuşkina bu meselede şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe, olaryň ählisi ýurdy terk etmäge mejbur ediler. Men kanuny taýdan nämäniň boljakdygyna doly düşünemok. Bu kanuny taýdan örän düşnüksiz, emma praktiki taýdan näme bolýandygyny biz [köplenç] görýäris”.

Orsýetiň söweş uçary urlup ýykylany bäri ors serhet gullukçylary köpsanly türk graždanlaryny Orsýete girmekden mahrum etdiler. Bu çäre Orsýet bilen Türkiýäniň arasyndaky ýeňillikli wiza režiminiň 1-nji ýanwara çenli öz güýjünde galýandygyna garamazdan, durmuşa geçirilýär. Gannuşkinanyň sözlerine görä, ol şu hepdäniň başynda bir gije öz tanşy tarapyndan oýadylypdyr we ol oňa Budapeştde ýaşaýan ýaş zenanyň Orsýete girjek wagty yzyna gaýtarylandygyny aýdypdyr.

Petisiýa

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň sözlerine görä, Orsýetde ýaşaýan türk maşgalalarynyň sany 200 müňe ýetýär.

Türkleriň ors aýallary Orsýetiň prezidentinden kömek sorap, Internetde onlaýn petisiýa gol goýdular.

Bu petisiýa 2-nji dekabra çenli 4 müňe golaý adam gol goýdy. Bu dokumente gol goýanlar ýurduň kanunçylygyny berjaý edýän türkleriň öz ors maşgalalary bilen Orsýetdäki wezipelerinde galyp, ýurduň Federal migrasiýa gullugynyň özlerine esassyz problemalary döretmeginiň öňüniň alynmagyna ýardam ediljekdigine umyt baglaýarlar.

XS
SM
MD
LG