Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kalifornia: Terror hereketi derňelýär


Obama: Bizde köpçüligi tüpeňlemek ülňüsi bar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:56 0:00

Obama: Bizde atyşyk ülňüsi bar

ABŞ-nyň kanun goraýjy resmileri özleriniň 2-nji dekabrda Kaliforniýanyň Sosial hyzmatlar agentliginde bolan atyşygy terrorçylyk hereketi hökmünde derňeýändiklerini aýtdylar.

Bu atyşykda 14 adam öldürildi, 21 adam ýaralandy.

Resmiler öz adamsy bilen gyrgynçylyga gatnaşmakda güman edilýän aýalyň sosial media arkaly «Yslam döwleti» jeňçi toparyna kasam edendigini aýtdylar.
Polisiýa bu jübüdi Taşbin Malik we onuň adamsy Syed Faruk diýip tanatdy.

Syed Faruk, student suraty
Syed Faruk, student suraty

«The Los Angeles Times» 4-nji dekabrda Farugyň azyndan iki jeňçi topar, şol sanda Siriýanyň «Al-Kaýdanyň» Siriýadaky bölümi "Nusra front», Somalidäki «Şabaab» topary bilen gepleşendigini habar berdi.

Federal Derňew býurosynyň direktory Jeýms Komiý 4-nji dekabrda Waşingtonda bu işiň federal terrorçylyk derňewine öwrülendigini aýtdy.

“Munuň sebäbi derňewganhorlar tarapyndan radikallaşdyrma görkezijilerine we daşary ýurt terrorçy guramalarynyň mümkin bolan hyjuwlandyrmasyny ýüze çykardy" - diýip, ol aýtdy.

Komiý bu jübüdiň terrorçylar öýjüginiň ýa-da terror guramasynyň bir bölegi bolandygyny görkezýän zat ýok diýdi.

Ol güman edilýänleriň hiç biriniň FDB-nyň derňewi astynda bolmandygyny aýtdy. Ýogsa olaryň biri ýa-da ikisi hem FDB tarapyndan derňelýän beýleki şahslar bilen gatnaşykda bolupdyr. Emma bularyň hiç biri ol jübüdiň FDB-nyň «gözegçilik ekranynyň» astynda goýulmagy üçin ýeterlik bolmandyr.

Emma muňa garamazdan, «Yslam döwleti» topary 5-nji dekabrda internetdäki radiogepleşiginde öz iki eýerijisiniň bu hüjümi amala aşyrandygyny aýtdy.

"Yslam döwletiniň» iki agzasy birnäçe gün ozal San Bernadinoda, Kaliforniada bir merkeze hüjüm etdi" - diýip, toparyň gündelik «al-Baýan» radiogepleşiginde aýdyldy.

Biraz öň FDB-niň Los Anjels edarasynyň direktorynyň kömekçisi Deýwid Bowditç derňewçileriň kompýuterlerden we başga ýerlerden «digital barmak yzlaryny» gözleýändigini, bölekleýin weýran edilen iki sany mobil telefonyň atyşygyň bolan ýerinden uzak bolmadyk zibil çeleklerinden tapylyp alnandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, bu atyşyk Los Anjelsiň 100 çemesi gündogarynda, San Bernardino şäheriniň Sosial hyzmatlar agentliginde boldy.

Resmiler Mälik bilen Farugyň bu hüjümde awtomatiki ýaraglary, sapançalary, turba bombalaryny ulanandyklaryny aýdýarlar. Faruk Sosial hyzmatlar agentliginde guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşypdyr we, aýdylmagyna görä, ol ýeri galagop halda terk edip, aýaly bilen agyr ýaraglanyp, tektiki žiletleri geýip, yzyna gelipdir.

Häkimiýetler bu jübüdiň, ol ýerden gaçmazlaryndan öň, zaldaky baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan märekä 75 ok atandyklaryny aýdýar. Olar soň öldürilende 1600-den gowrak oklary galypdyr.

Polisiýa soňra olaryň kireýýine ýaşaýan jaýyndan turba bombalaryny, partlaýjy ýasalýan gurallary, 4500-den gowrak ok tapdy.

Bu jübüt maşynly kowalaşyk we polisiýa bilen gazaply atyşyk netijesinde öldürildi.

Malik pakistanly bolup, Birleşen Ştatlara 2014-nji ýylda, gelinlik wizasy bilen gelipdir. Faruk Çikagoda, pakistanly ene-atadan doglan we günorta Kaliforniýada kemala gelipdir. Ol 28 ýaşyndaky saglyk işgäri eken.

Malik iki ýyl ozal Faruga durmuşa çykmazyndan öň Saud Arabystanynda ýaşaýan eken.

Resmiler bu ganhorluklaryň «Yslam döwleti» topary tarapyndan hyjuwlandyrylan bolmagynyň ähtimaldygyny, emma ol radikal toparyň bu hüjümi ugrukdyrandygyny görkezýän deliliň ýokdugyny aýdýarlar.

Şu aralykda, habar gulluklary başga bir kanun goraýjy resmä salgylanyp, Maligiň feýsbukda «Yslam döwleti» toparyna we onuň liderine kasam edendigini habar berdiler.

Bu Birleşen Ştatlarda 2012-nji ýyldan bäri bolan iň ganly atyşyk boldy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG