Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadi türk esgerelrine 'çykyň' diýýär


Yragyň premýer-ministri Haýder Al-Abadi Türkiýäniň demirgazyk Yraga, Mosulyň ýanyndan, YD garşy söweşýän yrak güýçlerine tälim bermek üçin, goşun girizmesini ýazgardy.

Abadi 5-nji dekabrda türk esgerleriniň derhal çykarylmagyny talap etdi. Ol Yragyň Niniweh welaýatyna «bir ýaragly batalýon çemesindäki goşunyň, tanklaryň we toplaryň salynmagyny ýurduň özbaşdaklygyny bozmak hökmünde häsiýetlendirdi.

Yragyň Daşary işler ministrligi 150 töweregi türk esgeriniň, 25 tankyň ýurda salynmagyny «kürsäp girmek» diýip atlandyrdy we Bagdatdaky federal hökümet bilen hiç bir harby operasiýanyň utgaşdyrylmanydygyny aýtdy diýip, «Roýters» habar berdi. .

Türk çeşmeleri türk goşunlarynyň Yraga 4-nji dekabrda, Mosulyň golaýyndaky yrak güýçlerine tälim bermek üçin, «düzgün» boýunça girizilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG