Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazyýet sosial ulgama hyjaply surat goýan özbek gyzlaryny soraga çekýär


Özbek zenany.
Özbek zenany.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli bir resmisi, kazyýete sosial ulgamlary işjeň ulanýan raýatlar bilen içgin gyzyklanylmagyny tabşyrypdyr. Kazyýet bolsa Telegramdan başlap, ýene beýleki birnäçe sosial ulgamlardaky sahypalarynda hyjaply suratlaryny goýan ýa-da ekstremistleriň sahypalary bilen gyzyklanan kollež okuwçylarynyň onlarçasyny soraga çekipdir.

Daşkentli 17 ýaşyndaky Aýşanyň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren gürrüňine görä, haçan-da ol Telegram sosial ulgamdaky sahypasynda özüniň hyjaply suratyny goýan badyna ony kazyýete gürrüňdeşlige çagyrypdyrlar.

Aýşa öz başyndan geçirenlerini şeýle gürrüň berýär: ”Kolležde men hyjapsyz gezýärin. Ýöne, erkek adamlar bimaza etmesin diýen niýet bilen sosial ulgamdaky sahypamda hyjaply suratymy goýdum. Men öýümiziň golaýyndaky Internet-kafeden bir-iki gezek sosial ulgamdaky sahypama girip görüpdim. Bu sebäpli yzarlanýandygymyzy diňe kazyýetde bilip galdyk. Kazyýete meni kolležiň müdiriniň din işleri baradaky orunbasary alyp gitdi. Çilanzar etrabynyň kazyýetinde meniň bilen 25 ýaşyndaky we özüni Haýyt diýip tanadan bir ýaş ýigit gürrüňdeşlik geçirdi. Ol menden şeýle diýip sorady: "Siz näme üçin hyjaply suratyňyzy Internetde goýduňyz? Näme üçin arapça ýazylan dini manydaky tekstleri we suratlary öz sahypaňyzda goýduňyz?". Ondan soň ol meniň düşündiriş ýazmagymy haýyş etdi we yz ýanyndanam öýüme goýberdi. Haçan-da otagdan çykanymda, gapynyň ýanynda garaşyp oturan ýene birnäçe gyzy gördüm. Meniň pikrimçe, olar hem meniň ýaly soraga çagyrylan bolmaly. Häzir men indi "Telegram"-daky we şonuň ýaly-da "Odnoklassniki"-däki öz sahypalarymy pozup aýyrdym".

Ýörite sapaklar

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň anyklamagyna görä, Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň bir resmisiniň hat üsti bilen beren tabşyrygy esasynda adamlaryň sosial ulgamda özüni alyp barşy gözegçilik astynda saklanylýar we kazyýet hem sosial ulgamlardaky sahypalarynda hyjaply suratlar goýup, dini temaly sahypalary yzarlaýan kolležde okaýan käbir okuwçylar bilen gürrüňdeşlik geçirýär.

Gullugyň Daşkendiň Pedagogiki kolležindäki çeşmesiniň beren maglumatyna görä, geçen hepde kolležde okuwçylar üçin "dini radikalizmiň sosial ulgamlarda ýetirýän zyýanlary" atly temada ýörite sapak geçirilipdir.

Şeýle ýörite sapak şol bir wagtyň özünde paýtagtyň medisina kolležinde, senagat-ykdysadyýet kolležinde we Parkentsk etrabynyň transport hem hyzmat barasyndaky kämliieşdiriş kolležinde hem geçirilipdir.

Dini geýimli suratlar

Şeýle gürrüňdeşliklerden soňra bir raýat "Telegram" atly sosial ulgamda ýörite bildiriş ýaýradyp, ol ýerde özbek gyzlarynyň dini geýimli suratlaryny goýmazlygyny haýyş edipdir.

"Kimde kim internetde hyjaply surat ýa-da arapça ýazylan dini tekstleri goýsa, ony derrew kazyýete çagyrýarlar. Aýal doganlar, gyz jigiler! Sizden haýyş edýärin, maňa dini temaly material ibermäweriň we hyjaply surat goýmaweriň. Täze kanuna görä, şeýle sebäpden sizi soraga çekip, jezalandyryp bilerler. Iň esasy zat, hiç haçan dini manyly hatlary ýazmaň. Dini ideýalary ýaňzydýan suratlar hem goýmaň. Hüşgär boluň! Internetde yzarlanýarsyňyz we barlanýarsyňyz. Täze ýörite ulgam bilen sosial ulgamlardaky toparlar we internet sahypalary gözegçilik astynda saklanylýar. Men bu duýduryşy size ýygnakda berlen duýduryşlardan soň ýazdym" diýip, "Telegram" ulgamynda biri bildiriş goýupdyr.

Bu bildiriş latyn hem krillisa harplarynda ýazylypdyr we golaýda "Telegram" ulgamynda müňlerçe adama ýaýradylypdyr.

Hapa sözler...

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň daşkentli söhbetdeşi Aýşanyň aýtmagyna görä, gürrüňdeşlik mahalynda hiç bir resmi sosial ulgamlarda porno surat hem wideolary kimiň ýaýradýandygy barasynda bolsa hiç zat soramandyr we hatda hiç hili gyzyklanmandyram.

”Özüňizem gowy bilýärsiňiz ýagny meniň ýaşdaş oglanlarym, tirkeşýänleriniň arasynda soň gomparmak üçin ýörite ulular üçin düşürilen kinofilmleri internetde öz sahypasynda goýup bilýär. Mugallymlar olara käýinç berýär. Ýöne hiç kim olary kazyýete çagyrmaýar we soraga hem çekmeýär. Men bolsa öz sosial ulgam sahypama namaz okaýan bir musulman zenanyň suratyny goýanym üçin bir topar äsgermezçilikli hapa sözler eşitmeli boldum" diýip, gürrüňdeş gyz öz başyndan geçirenlerini aýdyp beripdir.

"Telegram Messenger" we "Odnoklassniki" atly çalt aragatnaşyk gurup, habarlaşylýan sosial ulgamlar, Özbegistanda studentleriň hem okuwçylaryň arasynda diýseň giň ýaýbaňlanandyr.

Özbek hökümeti, soňky iki ýylyň dowamynda ýaşlary "sosial ulgamyň ýaramaz täsirinden" eýdip-beýdip "halas etmäge" synanyşýar.

XS
SM
MD
LG