Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

D.Koreýa kanadaly ruhanyny agyr işe höküm etdi


Kanadanyň Preswiterian kilisesiniň pastory Hyeon Soo Lim, Phenýan, 30-njy iýul, 2015
Kanadanyň Preswiterian kilisesiniň pastory Hyeon Soo Lim, Phenýan, 30-njy iýul, 2015

Demirgazyk Koreýa şu ýyl tussag eden kanadaly hristian ruhanysyny ömürlik agyr zähmet lagerine höküm etdi, diýip 16-njy dekabrda Hytaýyň resmi täzelikler agentligi Ksinhua habar berdi.

Torontonyň Preswiterian kilisesiniň pastory Günorta Koreýada doglan Hyeon Soo Lim Demirgazyk Koreýanyň Baş sudunyň gysga diňlenişiginde tussaglyga höküm edilipdir.

Sud ony Demirgazyk Koreýanyň abraýyny gaçyrmak üçin ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň alyp barýan işlerine goşulmakda günäli tapdy.

Şeýle-de dindar Demirgazyk Koreýadan gaçmak isleýän adamlary tapmakda we olara ýardam bermekde aýyplandy.

Onuň ybadathanasy ruhanynyň ynsanperwer missiýasy bilen Demirgazyk Koreýa sapar edendigini we ýetimler hem garrylar öýlerine kömek bermek maksadyna eýerendigini aýtdy.

Lim Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri tarapyndan ýanwar aýynda Hytaýdan baransoň tussag edildi.

XS
SM
MD
LG