Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýyllyk metbugat ýygnagyny geçirýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin sorag-jogap görnüşindäki metbugat ýygnagyny geçirýär. 17-nji dekabr, 2015 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin sorag-jogap görnüşindäki metbugat ýygnagyny geçirýär. 17-nji dekabr, 2015 ý.

17-nji dekabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin sorag-jogap görnüşindäki 11-nji ýyllyk metbugat ýygnagyny geçirýär. Bu ýygnagyň esasy temalarynyň Siriýadaky uruş we Ankara bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklar bolmagyna garaşylýar.

“TASS” habar agentligi ýygnaga gatnaşmak üçin 1390 žurnaliste, şol sanda Kseniýa Sobçaga akreditasiýa berlendigini habar berýär. Sobçak geçen ýyldaky ýygnakda Putin bilen jedelleşipdi.

Orsýetiň prezidenti bilen interwýu geçirmegi haýyş edip, ençeme teklipler gelip gowşandan soň, 2001-nji ýylda Putin metbugat bilen sorag-jogap görnüşindäki uzyn ýygnagy geçirmek däbini dikeltdi diýip, onuň metbugat wekili aýtdy.

Bu metbugat ýygnagy adatça Moskwanyň wagty bilen günortan wagty başlap, birnäçe sagat dowam edýär. Onda habarçylar özleriniň islän soragyny berip bilýärler.

XS
SM
MD
LG