Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Yrakdan goşun çykarar


Türkiýe, Yragyň hökümeti bilen dörän dartgynlygy gowşatmak üçin, prezident Barak Obama türk kärdeşi Rejep Taýyp Eordogan bilen telefonda gürleşeninden bir gün soň, demirgazyk Yrakdaky esgerleriniň has köpüsini yzyna çykarjagyny aýtdy.

Prezident Obama Erdogany dartgynlygy gowşatmak üçin has kän çäre görmäge çagyrdy. Türkiýäniň Daşary işler ministrligi 19-njy dekabrda Yrak bilen arada Başika harby bazasyna goşun ýerleşdirmekde «düşünişmezlik» bolandygyny boýun aldy.

Bu harby baza YD-nyň kontrollugyndaky Mosul şäheriniň golaýynda ýerleşýär.
Ministrlik ol ýerden näçe esger çykarjagyny we olaryň nirä iberiljegini aýtmady.

Şu aýyň başynda Bişika ýerleşdirilen türk esgerleri yrak hökümetiniň gaharyny getirdi we hökümet olaryň çagyrylmandygyny aýdyp, derhal çykarylmagyny talap etdi.

Türkiýe bu esgerleriň ozalky ylalaşyk boýunça, YD-a garşy göreşýän yrak esgerlerine tälim we enjam bermek baradaky halkara missiýanyň çäginde eltilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG