Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan manadyň hümmetini öz erkine goýberdi


Azerbaýjanyň milli pul birligi manat.
Azerbaýjanyň milli pul birligi manat.

Azerbaýjanyň Merkezi banky ýurduň milli pul birligi manadyň hümmetini öz erkine goýberdi. Şuňa meňzeş çäre şu ýylyň başynda Gazagystanyň hökümeti tarapyndan hem amala aşyrylypdy.

21-nji dekabrda Azerbaýjanyň Merkezi bankynyň eden bildirişinden soň, azeri manadynyň hümmeti ABŞ-nyň dollaryna görä 48%-e golaý pese gaçdy. Mundan ozal 1 amerikan dollary 1,04 manada deň bolan bolsa, indi 1,55 manada ýetdi.

Azeri banky bu çäräni ýurduň “walýuta rezerwini... we milli ykdysadyýetiň halkara arenasynda bäsleşip bilmek ukybyny gorap saklamak” maksady bilen amala aşyrylandygyny aýtdy.

Dünýäde energiýa nyrhlarynyň pese gaçmagy Azerbaýjana ýiti täsir ýetirdi. Azerbaýjanyň döwlet girdejisiniň takmynan dörtden üç bölegini energiýa eksportyndan gelýän girdejiler emele getirýär.

XS
SM
MD
LG