Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskini tussag etmek barada karar çykaryldy


Mihail Hodorkowskiý
Mihail Hodorkowskiý

Orsýetiň sudy Kremliň bosgunlykdaky tankytçysy we öňki oligarh Mihail Hodorkowskini tussag etmek barada karar çykardy.

Sud esasan Londonda ýaşaýan Mihail Hodorkowskini tussag etmek üçin halkara ygtyýarnamasyny çykardy, diýip Orsýetiň metbugaty Derňew komitetiniň metbugat-wekili Wladimir Markine salgylanyp habar berdi.

Şu aýyň başynda derňewçiler Mihail Hodorkowskini 1998-nji ýylda Sibir regionynyň häkimini öldürmeklige gatnaşykda aýypladylar.

2013-nji ýylda Putin tarapyndan amnistiýa edilen Hodorkowski 10 ýyl türme tussaglygynda bolupdy.

Mihail Hodorkowskiý özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär we prezident Putini Konstitusiýany bozmakda we ýurdy çökermekde aýyplaýar.

22-nji dekabrda Orsýetiň derňewçileri Hodorkowskiniň “Açyk Orsýet” fondunyň birnäçe işgäriniň öýüni dökdüler.

XS
SM
MD
LG