Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki gämide 21 adam öldi


Egeý deňzinden Gresiýanyň Lesbos adasyna barýan sekiz migrant, şol sanda alty çaga Izmir şäheriniň golaýynda gark boldy.

Olaryň münüp barýan agaç gämisi Badamly kenaryndan üç kilometr uzaklykda, tolkunlara tap bermän agdaryldy diýip, «Dogan» habarlar gullugy ýazdy.

Şeýle-de habarda 14 migrantyň henizem tapylmaýandygy aýdylýar.

23-nji dekabrda bolan başga bir hadysada, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda çöken gämide azyndan 13 adam, şol sanda ýedi çaga öldi.

XS
SM
MD
LG