Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Helmand: 59 tussag boşadyldy


Ýörite güýçler Helmandda «Talybanyň» türmesinden 59 tussagy azat etdi.

Owganystanyň ýörite güýçleri Helmand welaýatynda «Talybanyň» türmesinden 59 tussagy azat etdi diýip, resmiler 2-nji ýanwarda aýtdy.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawlat Waziri 37 ýesiriň esger bolandygyny, beýleki ýedi adamyň polisiýa ofiseridigini, galanlaryň asuda adamlar bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol welaýat paýtagty Laşgar Gahyň demirgazygyndaky türmede saklanýan tussaglary boşatmak operasiýasynyň 1-nji ýanwar gijesi geçirilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG