Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran saud uçarlaryny hüjümde aýyplaýar


Harabaçylykdaky ýemenli aýal
Harabaçylykdaky ýemenli aýal

Eýran Saud Arabystanynyň söweş uçarlaryny Ýemeniň paýtagty Saanadaky eýran ilçihanasyna «bilkastdan» hüjüm etmekde aýyplaýar.

"Ilçihananyň binasyna ýetirilen zyýan we ol ýerde işleýän adamlaryň käbirine salnan ýara üçin Saud Arabystany jogapkär» diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hossein Jaber Ansari 7-nji ýanwarda aýtdy.

Ansari bu diýilýän hüjümiň haçan bolandygyny anyk aýtmady.
Saudlylaryň ýolbaşçylygynda Ýemende Eýran tarapyndan goldanylýan huti pitneçilerine garşy mart aýyndan bäri howa zarbasyny urýan koalisiýa Eýranyň aýdýanlaryny derňeýändigini aýtdy.

Sözçi Ahmed Asseri koalisiýanyň uçarlarynyň 6-njy ýanwar gijesi Ýemeniň paýtagty Saana agyr howa zarbalaryny urandygyny tassyk etdi. Aýdylmagyna görä, bu howa zarbalarynda huti gozgalaňçylarynyň Saud Arabystanyna garşy ulanýan raketa atyjylary nyşana alnypdyr.

Şeýle-de sözçi gozgalaňçylaryň graždan desgalaryny, şol sanda taşlanyp gidilen ilçihanalary hem ulanýandyklaryny aýtdy.

Tähranyň bu şikaýaty sebitiň iki sany uly bäsdeşiniň – sünni musulmanlarynyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany bilen şaýy musulmanlarynyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň tanymal şaýy ruhanysynyň Riýad tarapyndan jezalandyrylyp öldürilmegi sebäpli barha güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de Tähran 7-nji ýanwarda özüniň Saud Arabystanyndan getirilýän azyk önümleriniň ählisini gadagan edýändigini yglan etdi.

"Hökümet saudlylaryň önümleriniň ählisini ýurda salmagy gadagan etdi» diýip, Eýranyň hökümetiniň beýanatynda aýdylýar. Mundanam başga, beýanatda eýranlylaryň saud Arabystanynyň mukaddes şäheri Mekgä umra zyýaratyna gitmegine girizilen gadaganlygyň, goşmaça bir zat aýdylýança, güýjünde galýandygy aýdyldy.

Eýranyň Saud Arabystanyndan ýyllyk importy ýylda jemi 60 million amerikan dollaryna barabar we esasan gaplaýyş materiallaryndan we tekstilden ybarat.
Saud Arbystany, Tährandaky ilçihanasyna hüjüm edileninden soň, jogap çäresi hökmünde, Eýran bilen gatnaşyklaryny kesdi.

Şu aralykda Ak tam Yragyň liderine Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky mezhep konflikti bilen baglylykda «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşde soňky wagtda gazanylan ýeňişleriň badyny gaçyrmazlyga kömek etmäge çalyşýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi 6-njy ýanwarda telefonda gepleşip, özleriniň sünni musulmanlarynyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystanynyň tanymal şaýy ruhanysyny jezalandyryp öldürmeginden we muňa jogap çäresi hökmünde saudlylaryň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm edilmeginden alada galandyklaryny aýtdylar.

Bu hadysalar musulman dünýäsinde mezhep gahar-gazabynyň möwjäp galmagyna sebäp boldy we bu ýagdaý hususan-da Yrakdaky iki musulman mezhebiniň arasyndaky konflikti ýitileşdirer öýdüp alada edilýär.

6-njy ýanwarda tapgyr üçünji gün müňlerçe şaýy Bagdadyň köçelerinde we Yragyň günortasyndaky şäherlerde demonstrasiýa gurnap, Saud Arabystanynyň Bagdatda 25 ýyl arakesmeden soň, geçen aý açylan ilçihansyny ýapmagy talap etdiler.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG