Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Özbek bosguny 25 ýyla höküm edildi


Özbek bosguny Birleşen Ştatlaryň harby akademiýasyna hüjüm etmegi planlaşdyrmakda 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. ABŞ-nyň sudunyň 7-nji ýanwarda çykaran kararyna laýyklykda, Fazliddin Kurbanowyň türme tussaglygy tamamlanandan soň, ol deportasiýa ediler.

“Ol [Kurbanow] Birleşen Ştatlarda jyhady amala aşyrmagy meýilleşdirdi” diýip, Birleşen Ştatlaryň etrap sudunyň kazysy Edward J.Lodge belledi.

Ýük ulag sürüjisi Kurbanow 2009-njy ýylda Özbegistany terk etdi. Ol: “Men terrorist däl... Men hiç haçan hiç kime zeper ýetirmedim we meniň hiç kime, hususanda, amerikanlara zeper ýetirmäge niýetim ýok” diýip, protest etdi.

Prokurorlar Kurbanowyň “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly terrorçy gurama bilen aragatnaşyga geçen jyhadçydygyny aýtdylar. Şeýle-de, olar Kurbanowyň bomba ýasamak üçin niýetlenen serişdeleri ýygnandygyny we onuň Birleşen Ştatlaryň harby nokatlaryna, hususanda Nýu-Ýorkdaky Günbatar harby akademiýasyna hüjüm etmegi planlaşdyrandygyny bellediler.

XS
SM
MD
LG