Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyjapsyzlar bilen düşen suratyny ýaýradan futbolçy basyldy


Eýranyň milli ýygyndy futbol toparynyň oýunçysy, 29 ýaşyndaky derwezeçi Sosha Makani.
Eýranyň milli ýygyndy futbol toparynyň oýunçysy, 29 ýaşyndaky derwezeçi Sosha Makani.

Eýranyň milli ýygyndy futbol toparynyň oýunçysy, 29 ýaşyndaky derwezeçi Sosha Makani 4-nji ýanwarda tussag edildi.

Onuň birnäçe hyjapsyz zenan bilen düşen suratlaryny sosial ulgamda çap edendigi we munuň Eýranyň kanunlaryna ters gelýändigi aýdylýar. Şondan soň futbolçy, käbir adamlaryň şikaýaty esasynda günälenip, türmä basyldy.

Eýranyň adalat ulgamy bilen baglanyşykly "Mizan" habar gullugynyň beren maglumatyna görä, onuň üstünden şikaýat edenleriň biri soňra öz arzasyny yzyna alypdyr. Ýöne Makani, "jemgyýetde bidüzgünçüligiň we ahlaksyzlygyň ýaýramagyna sebäp bolan suratlary" ýaýradandygy üçin, häzirlikçe tussagda galýar.

Tähranyň tanymal "Persepolis" futbol klubunda oýnaýan Makani tussag edilmezinden owal beren beýannamasynda suratlardaky üç ýaş zenanyň biriniň öz adaglysydygyny aýan edipdir.

Käbir maglumatlara görä, Makani şu hepdede azatlyga çykyp biler.

6-njy ýanwarda Tähranyň baş sülçüsi Abbas Jafari Dolatabadi sport hem sungat bilen meşgullanýanlara yslam kadalaryna gabat gelmeýän suratlary sosial mediada ýaýratmazlyk barasynda duýduryş beripdir.

Geçen ýylyň noýabrynda bolsa Wahid atly 30 ýaşyndaky bir eýranly, hyjapsyz, bedeniniň käbir ýerleri açyk geýimli bir aýal adam bilen bile düşen suratyny sosial mediada ýaýradandygy üçin, derhal tussag edilipdi.

Raýatlaryň jemgyýetçilik hem şahsy durmuşyny doly gözegçilik astynda saklamaga dyrjaşýan Eýranyň hökümeti soňky wagtlarda olaryň her bir hereketini yzarlamaga çalyşýar.

XS
SM
MD
LG