Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa migrantlary yzyna gaýtardy


Awstriýanyň Germaniýa bilen serhedinden geçen migrantlar, Wegscheid, Germaniýa, 12-nji noýabr, 2015.
Awstriýanyň Germaniýa bilen serhedinden geçen migrantlar, Wegscheid, Germaniýa, 12-nji noýabr, 2015.

Germaniýa Awstriýa bilen özara serhedinde ençeme migranty yzyna gaýtardy. Awstriýanyň häkimiýetleriniň 11-nji ýanwarda aýtmaklaryna görä, olar esasan owganystanlylar. Germaniýanyň olaryň gaçybatalga sorap bilmejegini aýdýar.

Germaniýada täze ýyl agşamy zenanlara migrantlar tarapyndan edilen bolmagy güman edilýän hüjümler, kansler Angela Merkele we onuň “açyk gapylar” syýasatyna edilýän basyşlary güýçlendirdi.

Yzyna iberilýän migrantlaryň sany dekabr aýynda bir günde 60-dan 200 adama çenli artdy, diýip häkimiýetler aýdýarlar we Germaniýanyň serhet gözegçiligini güýçlendirmegine Şwesiýanyň we Daniýanyň öz serhetlerini güýçlendirmek boýunça çäreleriniň täsir eden bolmagyny çak edýärler.

Yzyna gaýtarylan adamlaryň köpüsi owganystanly, olaryň arasynda yrakly, eýranly, morokkoly migrantlar hem bar.

Şol bir wagtda-da Awstriýa Sloweniýa bilen öz serhedine gözegçiligi güýçlendirdi. 1-nji ýanwardan bäri 1652 migrantyň yzyna gaýtarylandygyny polisiýa aýtdy.

XS
SM
MD
LG