Orsýet şu ýyl özüniň günbatar çäklerinde üç sany täze harby bölümi döretjekdigini we bäş sany strategik ýadro raketa sistemalaryny ýerleşdirjekdigini aýtdy.
Ýerli habar agentlikleriniň maglumatyna görä, bu barada 12-nji ýanwarda Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu aýdypdyr.
Şeýle-de Şoýgu Orsýetiň ýadro güýçlerini üpjün edýän infrastrukturany kämilleşdirmegiň zerurdygyny hem belläp, strategik raketaly harby gämileriň we uzak aralyga zarba urýan sistemalaryň ýerleşýän ýerlerini agzady.
Bu beýannama Orsýetiň 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmeginiň we Gündogar Ukrainadaky konfliktiň Moskwanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryny Sowuk Uruş döwründen bäri iň pes derejä ýetiren döwrüne gabat geldi.