Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Orsýet Assada başpena berip biler


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduny terk etmeli bolan halatynda Orsýet oňa başpena berip biler diýip, ors prezidenti Wladimir Putin 12-nji ýanwarda çap edilen interwýusynda aýtdy.

"Bu iş Assad babatda [Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk geňeşiniň ozalky işgäri Eduard] Snowdene Orsýetde başpena bermek ýaly kyn bolmaz" diýip, Putin Germaniýanyň "Bild" gazetine beren interwýusynda Amerikanyň gizlin maglumatlaryny paş eden Snowdeniň 2013-nji ýylda Orsýetde gaçybatalga alandygyna salgylandy.

"Ilki Siriýanyň ilaty ses berip bilmeli. Onsoň göreris, ol [Assad] saýlawda ýeňlip, ýurdy terk etmeli bolýar" diýip, Putin belledi.

Putin özüniň "Assad bu konfliktde köp ýalňyşlyk goýberdi" diýip pikir edýändigini boýun aldy.

“Munça ulalmazdy"

Ýöne ol: "Eger konflikt Siriýanyň daşyndan ýarag, pul we söweşijiler bilen öjükdirilmedik bolsady, onda ol asla munça ulalmazdy" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Prezident Putin Orsýetiň uzak wagt bäri öz ýarany bolan Assady goldamak baradaky tutumyny ýene bir gezek nygtap, munuň Siriýanyň dolandyryp bolmaýan, şowsuzlyga uçran döwlete öwrülmeginiň öňüni almak üçin edilýän tagalladygyny aýtdy.

Putin "Biz Siriýanyň Yragyň ýa Liwiýanyň ýagdaýyna düşmegini islämzok. Ine, Müsüre bir serediň, kyn ýagdaýda ýurdy durnuklaşdyrmak üçin jogapkärçiligi, häkimiýeti öz üstüne alan prezident Sisi öwülmeli" diýdi.

Ors prezidentiniň pikiriçe, Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda öten hepde ýüze çykan agzalalyk tutuş Orta Gündogarda bar bolan şaýy-sünni mezhebara konfliktini görkezýär. Bu ýagdaý Siriýada parahatçylyga gowşulmagyny öňküden-de beter kynlaşdyrar.

"Bu uly regional çaknyşyga getirermi, muny bilemok. Meniň bu barada gürläsim ýa pikir hem edesim gelenok" diýip, Putin aýtdy.

XS
SM
MD
LG