Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsowyň ölümi "çözülmedi"


Boris Nemtsow
Boris Nemtsow

Öldürilen rus oppozisioneri Boris Nemtsowyň gyzy Orsýetiň baş derňew komitetiniň öz kakasynyň ölümi barada çykaran kararyna ret etdi.

Žanna Nemtsowa 21-nji ýanwarda «Interfaks» habar gullugyna bu jenaýatyň üstüniň açylmandygyny, sebäbi Derňew komitetiniň bu jenaýatyň üstüni doly açmak bilen gyzyklanmaýandygyny aýtdy.

Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastirkin biraz öň Nemtsowyň öldürilmegi bilen bagly jenaýatyň doly çözülendigini aýdypdy.

Derňew komiteti bu iş bilen bagly dört sany çeçen erkegini tussag etdi. Bu adamlar soň ganhorlukda aýyplandy.

Boris Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda, Kremliň alkymynda atylyp öldürilipdi.

Nemtsowyň garyndaşlary we aklawçylary onuň öldürilmeginiň ýokary derejeli rus resmileri tarapyndan buýrulan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG