Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Rus sanksiýlary aýrylyp biler


John Kerri, Dawos, 22-nji ýanwar, 2016
John Kerri, Dawos, 22-nji ýanwar, 2016

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Waşingtonyň Orsýete garşy Ukraina zorluklaryna dahyllydygy üçin girizilen sanksiýalary şu ýylyň aýaklarynda ýatyrjagyna ynanýandygyny, munuň üçin Moskwanyň Minsk parahatçylyk ylalaşygynyň şertlerini ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

Kerri 22-nji ýanwarda Dawosda, Bütindünýä Ykdysadyýet forumynda sözlän sözünde şu hepde özüniň we wise-prezident Jo Baýdeniň şweýsar kurortynda ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşyp, şertnamalary doly durmuşa geçirmek barada gepleşendiklerini aýtdy.

Kerriniň sözlerine görä, taraplaryň ikisi hem problemany ak ýürekden, kanuny esasda çözmek niýeti bilen tagalla etse, gelýän aýlarda Minsk şertnamasyny durmuşa geçirmek we öz gezeginde sanksiýalary aýyrmak mümkin.

Waşington sanksiýalaryň aýyrylmagyny geçen fewralda Ukraina, Fransiýa, Germaniýa bilen ylalaşylan Minsk şertnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegi bilen baglaýar.

XS
SM
MD
LG