Ermeni maşgalasynda ýedi adamy öldürmekde aýyplanan rus esgeri özüniň günäkärdigini aýtdy.
19 ýaşyndaky Waleriý Permýakow 22-nji ýanwarda özüne bildirilýän günäleriň ählisi boýunça günäkärdigini boýun aldy.
Eger günäli tapylsa, ol ömürlik tussag edilmeli. Emma sud, pidalaryň sudda görkezme bermegine garaşylýan garyndaşlarynyň haýyşy boýunça, 29-njy ýanwara çenli soňa goýuldy.
2015-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gýumri şäherinde Awetisiýanlar maşgalasynyň alty agzasy öz öýlerinde öli tapyldy, olaryň arasynda 2 ýaşly gyz hem bardy.
Pidalaryň hemmesi atylyp ýa pyçaklanyp öldürilipdir. 6 aýlyk oglan agyr ýaralanyp, bir hepde soň aradan çykdy.
Permýakow şol günüň ertesi ermeni-türk serhedinde tussag edildi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.