Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene iň erbetleriň biri diýildi


"Freedom House" guramasynyň dünýäde azatlygyň ýagdaýyny görkezýän kartasy, 2015
"Freedom House" guramasynyň dünýäde azatlygyň ýagdaýyny görkezýän kartasy, 2015

ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Freedom House” guramasy 2015-nji ýylyň soňky onýyllykda dünýä derejesinde azatlyk üçin iň agyr ýyl bolandygyny aýdýar.

Täze hasabatda Orsýetiň, Hytaýyň we beýleki “awtoritar režimleriň” “sosial närazylygyň” döremeginden gorkup, başga pikirlilige basyş edýändigini aýtdy.

27-nji ýanwarda ýaýradylan hasabatda Türkmenistana, Özbegistana, Eýrana, Täjigistana, Azerbaýjana we Belarusa ýaramaz baha berildi. “Freedom House” guramasy azatlygyň dünýäniň 72 ýurdunda gowşandygyny, diňe 43 ýurtda gowulyga tarap özgerişligiň bolandygy belledi.

Türkmenistan we Özbegistan ýene 10 ýurt bilen bilelikde syýasy hukuklaryň we raýat azatlyklarynyň berjaý edilişi boýunça dünýäde “iň erbedinden erbet” diýlip hasabatda baha berilen topara girýär.

XS
SM
MD
LG