Finlýandiýa we Orsýet özara serhedinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Serhetden Ýewropa Bileleşigine geçýän migrantlaryň sany gitdigiçe köpelýär.
Finlýandiýanyň içeri işler ministri Petteri Orpo bu barada 27-nji ýanwarda eden çykyşynda aýtdy.
Finlýandiýanyň we Orsýetiň arasyndaky 1340 kilometrlik serhet Ýewropa Bileleşiginiň syýahatçylyk üçin erkin Şengen giňişligine girelgedir. Emma Orpo bu meselä Finlýandiýanyň we Orsýetiň arasynda ikitaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini belledi.
Geçen hepdede hökümet Moskwany pena gözläp ýurduň arktika serhetlerinden geçýänleriň köpelmegine rugsat bermekde tankyt edipdi, şeýle-de bosgunlar krizisinden Ýewropanyň umumy çykalga tapmagynyň zerurdygyny belläpdi.
Finlýandiýanyň serhet gözegçileriniň maglumatyna görä, şu aýda Orsýetden Finlýandiýa pena gözläp 400 çemesi adam geçipdir. Tutuş 2015-nji ýylda geçen bosgunlaryň sany 700 adam çemesi bolupdyr.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!