Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Fransiýadan 118 uçar alýar


Rohani Fransiýany öwdi we oňyn atmosferany gatnaşyklary ösdürmek üçin ulanmak isleýändigini aýtdy.
Rohani Fransiýany öwdi we oňyn atmosferany gatnaşyklary ösdürmek üçin ulanmak isleýändigini aýtdy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Fransiýanyň «Airbus» firmasyndan 118 sany ýolagçy uçaryny satyn almak üçin 22 milliard ýewrolyk ($25 milliard) şertnama baglaşdy.

Uçar satyn almak boýunça baglaşylan ylalaşyk 28-nji ýanwarda, Parižde Rohani bilen fransuz prezidenti Fransua Ollandyň gatnaşmagynda guralan dabarada yglan edildi.

Şu aralykda Fransiýanyň «Peugeot-Citroen» kompaniýasy Eýranyň «Khodro» kompaniýasy bilen, 2017-nji ýyldan başlap, Eýranda ýylda bilelikde 200 müň maşyn öndürmek planyny yglan etdi.

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls bu ýurtlaryň ozalky bolan öýke-kineleri unutmalydygyny aýtdy.

Walls: "Fransiýa Eýran üçin açyk, Eýran Fransiýa bil baglap biler» diýdi.

Rohani 28-nji ýanwarda Parižde Fransiýanyň biznes-iş adamlary bilen duşuşykda Eýran Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwdany gaýtadan dikeltmek üçin «amatly ýer» diýdi.

Rohani Fransiýanyň biznes ýolbaşçylaryny indi Eýranyň ýadro ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi, Tährana garşy girizilen halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagy bilen, gaýtadan başlanan söwdanyň maliýeleşdirilmeginiň ýoluny açmaga goldaw bermäge çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy girizen bank çäklendirmeleriniň dowam etmegi ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň söwda gatnaşyklaryny täzeden başlamagynda kynçylyk döredýär.

Rohani Fransiýany öwdi we özüniň taryhy ýadro ylalaşygyndan soň dörän oňyn atmosferany gatnaşyklary ösdürmek üçin ulanmak isleýändigini aýtdy.

Ol biraz soň, fransuz kärdeşi bilen çykyş eden metbugat ýygnagynda, Tähranyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygynyň şertlerini berjaý etjekdigini gaýtalady.

Rohani Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we beýleki döwletler hem öz ylalaşan şertlerinde durarlar diýdi.

Olland Eýran bilen gurulýan täze gatnaşyklar tutuşlygyna baglaşylan ýadro ylalaşygynyň şertleriniň berjaý edilmegine bagly bolup durýar diýdi.

Şeýle-de Ollanda Rohanä Pariždäki gepleşikler mahalynda Fransiýanyň «adam hukuklaryna ygrarlydygyny» hem ýatladandygyny aýtdy.
Yslam respublikasy köplenç adam hukuklaryny bozmakda, şol sanda adamlary köp möçberde jezalandyryp öldürmekde tankyt edilýär.

Rohaniniň parižde Olland bilen duşuşýan wagtynda «Femen» toparynyň feministleri protest aksiýasyny gurnadylar. Olar adam asmagy ýaňsylap, ýalaňaç göwsüne Eýranyň baýdagynyň suraty çekilen bir agzalaryny köprüden asyp goýdular.

Ol aýalyň asylyp goýlan köprüsiniň ýokarsynda protestçiler «Hoş geldiň Rohani, azatlygyň jellady» diýen şygar ýazypdyrlar.

Olland bilen Rohani Pariždäki duşuşyk mahalynda özleriniň Siriýadaky ýagdaý barada hem gepleşendiklerini aýtdylar.

Fransuz prezidenti Siriýadaky raýat urşunyň syýasy çözgüdine basyş edip, «biziň gyssagly ynsanperwerçilik çärelerini görmegimiz we syýasy geçiş barada gepleşmegimiz gerek, bu edip boljak zat» diýdi.

Rohani öz ýurtlary hakynda karara gelmek Siriýanyň halkyna bagly diýdi.
Rohani Tähran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň geljegi meselesinde eglişige taýýarmy diýen soraga “Siriýadaky mesele adamlar meselesi däl, eýsem terrorçylyk we «Yslam döwleti» topary» diýip jogap berdi.

Eýran Assadyň režimine, Tähranyň esasy regional ýaranyna maliýe we ýarag goldawyny berip, kömekleşip gelýän ýurt.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG