Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Orsýetiň Siriýadaky hüjümlerini ýazgardy


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg žurnalistlere aýtdy.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg žurnalistlere aýtdy.

NATO Orsýetiň Siriýada amala aşyrýan howa zarbalarynyň BMG-niň araçylygyndaky parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere zeper ýetirýändigini aýdýar.

Gepleşikler arkaly Siriýada bäş ýyla golaý wagt bäri dowam edýän konfliktiň soňuna çykmak boýunça tagalla edilýär.

“Orsýetiň howa zarbalaryny güýçlendirmegi we esasan Siriýada oppozision toparlara zarba urmagy, konfliktden syýasy çykalga tapmak boýunça tagallalara zeper ýetirýär”, diýip Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin 5-nji fewralda Amsterdama baran NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg žurnalistlere aýtdy.

Ženewada şu hepdäniň başynda başlanan parahatçylyk ugrundaky gepleşikler Siriýanyň hökümet güýçleriniň Orsýetiň howa zarbalarynyň goldawy bilen Aleppo şäherinde gozgalaňçy güýçlere garşy hüjüme başlamagyndan soň bozuldy.

XS
SM
MD
LG