Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýwan: Ýer titremesinde 26 adam öldi


Ýer yranmasynda çöken 17 gat jaýyň aşagynda henizem 132 adam bar.
Ýer yranmasynda çöken 17 gat jaýyň aşagynda henizem 132 adam bar.

Halas edijiler Taýwanda, 17 gat ýaşaýyş jaýynyň harabasynyň aşagynda 124 adam galandyr öýdýärler.

Bu jaýyň ýer ynanmasynda ýykylanyna bir gün boldy. Şäher häkimi 7-nji fewralda köp adamyň ýykylan jaýyň içinde we aşagynda galandygyny aýtdy.

200-den gowrak adam halas edildi. 6-njy fewralda günorta Taýwanda bolan 6.4 bally ýer titremesinde şu wagta çenli jemi 26 adamyň ölendigi tassyk boldy. 500 çemesi adam bolsa ýaralandy.

Içeri işler ministri Çen Wei-jen ýer yranan wagty adamlaryň köpüsiniň içerde bolandygyny, sebäbi maşgala agzalarynyň täze hepdäniň Aý täze ýyl baýramlaryny bellemek üçin toplanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG