Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý dawaly adada raketalaryny ýerleşdirýär


Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi
Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi

Pekiniň Günorta Hytaý deňzindäki dawaly adada uçarlara garşy raketalary ýerleşdirendigi barada habar berilýär.

Taiwan Hytaýyň Ýonksing adasynda raketalaryň anyk bolmadyk sanyny ýerleşdirendigini aýtdy we öz harbylarynyň “ýagdaýyň özgerişine ýakyndan üns berjekdigini” aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak resmileriniň raketalaryň “anyk ýerleşdirilendigini” tassyklandygyny ilkinji bolup “Fox News” habar berdi.

ABŞ-nyň neşriniň çap eden satellit suratlarynda hersi sekiz raketa atyjy guraly öz içine alýan iki toplumyň we radaryň ýerleşdirilendigini görkezdi.

Bu hereket Hytaýyň Günorta Hytaý deňzinde harby güýjüni artdyrýan wagtyna gabat geldi.

Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi maglumatlaryň “günbatarly media” tarapyndan oýlanyp tapylandygyny aýtdy we olaryň Hytaýyň regionda howpsuzlygy güýçlendirmek boýunça tagallalaryna has köp üns bermelidigini belledi.

XS
SM
MD
LG