Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow ‘gitmäge taýýar’ diýýär


Çeçen lideri Ramzan Kadyrow
Çeçen lideri Ramzan Kadyrow

Kreml tarapyndan goldanylýan çeçen lideri Ramzan Kadyrow öz wezipesinden gitmäge taýýardygyny aýtdy. Rus telewideniýesine beren interwýusynda Kadyrow “meniň wagtym geçdi” diýdi.

Kadyrowyň häzirki möhleti apreliň başynda tamamlanýar.

“Biziň toparymyzda köp mirasdüşerler bar. Bizde gowy hünärmenler bar” diýip, Kadyrow interwýusynda nygtady.

Kadyrowyň bu beýanaty Kremliň ýiti tankytçysy Boris Nemtsowyň öldürilmeginiň ýyl dönümine gabat geldi.

Oppozisiýa wekilleri Nemtsowy öldürmekde Kadyrowyň eliniň bardygyny öňe sürýärler.

Çeçenistanyň prezidenti hökmünde Kadyrowyň kandidaturasy 2007-nji ýylda Putin tarapyndan hödürlenipdi.

XS
SM
MD
LG