Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Owgan zenanlary gyzlyk barlagyna sezewar edilýär'


Bikanun jynsy gatnaşykda aýyplanan we jezalandyrylan Sabira, Ghazni welaýaty
Bikanun jynsy gatnaşykda aýyplanan we jezalandyrylan Sabira, Ghazni welaýaty

Owganystanyň Adam hukuklary boýunça garaşsyz komissiýasy ahlak jenaýatçylygy diýlip atlandyrylýan hereketlere baş goşmakda güman edilýän owgan zenanlarynyň we gyzlarynyň ylmy taýdan soragly hasaplanýan “gyzlyk barlagyna” hökümet lukmanlary tarapyndan sezewar edilýändigini aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparyň 29-njy fewralda çap eden hasabatyna görä, 2015-nji ýylda söhbetdeş bolan 53 zenandan 48 zenan jynsy gatnaşyga baş goşmakda aýyplanmagyndan ýa-da öýünden gaçyp gitmeginden soň mejbury ginekologiýa synagyna sezewar edilendigini aýdypdyr.

Adam hukuklaryny goraýjy komissiýa şeýle barlagyň seksual kemsitmeleriň bir görnüşidigini we adam hukuklaryny depeleýändigini aýdýar.

Hasabatda aýallaryň mejbury jynsy barlaga sezewar edilmeginiň Owganystanyň konstitusiýasyna ters gelýändigi aýdylýar. Şeýle-de hasabatda barlaglaryň aglaba köpüsiniň erkek sakçylaryň we beýleki adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýändigi we “ejirli” hem-de “aýylganç netijeli” geçýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG