Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Kömür känindäki partlama “tebigy hadysa”


Orsýetiň halas ediş gullugynyň işgärleri.
Orsýetiň halas ediş gullugynyň işgärleri.

Ors häkimiýetleriniň 29-njy fewralda aýtmagyna görä, arktik käninde 36 adamynyň ölümine sebäp bolan ýerasty partlama geleňsizlikden ýa aldawdan däl-de, tebigy sebäpler netijesinde bolupdyr.

26-njy fewralda Arktika aýlawynyň demirgazygynda ýerleşýän Sewernaýa kömür käninde ýüze çykyp, metan gazynyň derejesiniň ýokary bolany üçin tutaşan partlamada dört adam öldi. Ýene alty adam-da 28-nji fewralda magdançylary halas etmäge synanyşylanda bolan täze partlamada heläk boldy. Bu partlamada beýleki kömürçiler gözlenýärkä, ýeriň astynda kömeksiz galan 26 adam hem ölendir diýen pikirden ugur alynýar.

Orsýetiň Derňew komiteti howpsuzlyk düzgünleriniň bozulan bolmagy ähtimal diýip, 2010-njy ýyldan bärde senagata agyr zarba bolup degen bu hadysa boýunça jenaýat işini gozgady.

“Aýylganç tragediýa”

Ýöne 29-njy fewralda premýer-ministriň orunbasary Arkadiý Dworkowiç ilkinji barlaglaryň şahtada metan derejesiniň garaşylmadyk ýagdaýda ýokarlap, bu pajyga sebäp bolandygyny, muny bolsa hiç bir gözegçilik ulgamynyň togtadyp bilmeýändigni aýtdy.

"Häzirki ýagdaýda, “Rostehnadzoryň” we Derňew komitetiniň maglumatlaryna esaslanylsa, onda birdenkä ýarylma bolup, metan gazynyň konsentrasiýasynyň artandygy belli. Metan konsentrasiýasy kem-kemden artmandyr. Ýazga geçirilen beýle bir zat ýok" diýip, Dworkowiç aýtdy.

Onuň sözlerine görä, käne ýolbaşçylyk edýän “Workutaugol” "düzgüne laýyk" hereket edipdir.

Dworkowiç halas ediş işleriniň togtadylandygynyň sebäbi ýerastynda bolan güýçli ýangynda diri galan adam ýokdur diýip pikir edilýändigini düşündirip: "Bu Orsýet we biziň kömür senagatymyz üçin bir aýylganç tragediýa" diýdi.

Rostehnadzoryň sebitdäki bölüminiň başlygy Peçora Aleksander Gorçarenko hem desläpky subutnama hadysanyň şahta metanyň syzmagy netijesinde bolan "tebigy betbagtçylykdygyny" çaklama esas döredýär diýdi. Onuň bellemegine görä, metan gazynyň syzyp çykmagy kömür käninde tebigy ýagdaý.

Howpsuzlyk çäreleri

Metan partlamasy Orsýet känlerinde we başga ýerlerde birnäçe ýyl aralyk bilen gaýtalanyp duran zat. Mysal üçin, 2007-nji ýylda Sibirde Ulýanowskaýa käninde bolan partlamada 110 adam öldi.

"Workutaugol" howpsuzlyk çäreleriniň golaýda güýçlendirilendigini aýdýar.

Ýöne kärdeşler arakalaşygynyň agzalary, magdançylar, şeýle hem ölenleriň hossarlary känlerdäki metan derejesiniň özlerini çynlakaý aladalandyrandygyny we işçileriň bir ýaramaz zat bolar diýip, öňünden gorky edendiklerini aýdýarlar.

"Meniň kakam öýe gelip, [şahtadaky] güýçli buglar we ýokary derejedäki metan gazy barada gürrüň bererdi" diýip, kakasy ölen magdançylaryň biri Dariýa Trýasuho aýdýar.

Ol Internetde şeýle ýazdy: "Ol her gün diýen ýaly şu barada gürrüň ederdi. Ýöne Sewernaýanyň başlyklary gözlerini ýumup, adamlary ýeriň aşagyna ýollamagy dowam etdiler".

Dogany Sewernaýa käninde ölen magdançy Mihail Momot işçileriň kände, hemişe diýen ýaly, metan derejesine gözegçilik üçin oturdylan dürli enjamlaryň arasynda uly tapawutlaryň bardygyny dowamly görendiklerini aýdýar: "Kände oturdylarn resmi gözegçilik enjamlarynyň metanyň möçberi diýip berýän sany bilen biziň öz enjamlarymyzyň görkezýän sany deň gelmeýärdi, bu adaty zatdy. Başlyklaryň mundan habarsyz bolmagy mümkin däl".

XS
SM
MD
LG