Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam gaçakçylaryna ýyl kesildi


Aýlan Kurdiniň kenarda tapylan jesedi bosgunlar krizisine bütin dünýäniň ünsüni çekdi.
Aýlan Kurdiniň kenarda tapylan jesedi bosgunlar krizisine bütin dünýäniň ünsüni çekdi.

Türk sudy 3 ýaşly oglan Aýlan Kurdiniň ölümi bilen bagly iki sany siriýaly adam gaçakçysyna 4 ýyl iki aý türme tussaglygy hökümini çykardy.

Aýlan Kurdiniň kenarda tapylan jesedi bosgunlar krizisine bütin dünýäniň ünsüni çekipdi.

Bodrum sudy ol iki adamy adam gaçakçylygynda günäli tapdy, emma olary Aýlany we ýene dört adamy bilkastdan geleňsizlik netijesinde gark etmek aýyplamasyndan aklady diýip, häkimiýetler aýtdy.

Türk kenarynda ýüzin ýatan siriýaly oglanjygyň fotosuraty, mundan ozal ýüzlerçe adam şeýle hupbatlary gören hem bolsa, migrantlaryň çekýän aýylganç jebir-jepasyna has kän üns çekdi.

Aýlanyň dogany Galip, ejesi Rihan hem Egeý deňzinden Gresiýa aşjak bolanda gark bolan bäş adamyň arasyndady.

Bu waka geçen ýylyň sentýabrynda bolupdy.

XS
SM
MD
LG