Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Owganystanyň kanunçylygyny ýazgardy


Farhunda Malikzadanyň suraty, Kabul, 24-nji mart, 2015
Farhunda Malikzadanyň suraty, Kabul, 24-nji mart, 2015

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy (HRW) geçen ýylda Owganystanda aýal maşgalanyň üýşmeleňde urlup öldürilmegi bilen bagly waka dogrusynda ýurduň adalat sistemasyny tankyt etdi.

Guramanyň 10-njy martda çap eden beýannamasynda Farhunda Malikzadanyň ölümi bilen baglylykda 13 adamy jogapkärçilige çeken Owganystanyň adalat sistemasynyň şowsuzlyk görkezendigi bellenýär.

Şeýle-de HRW guramasy Owganystanyň Baş sudunyň olaryň tussaglyk möhletiniň azaldylmagyny 8-nji martda Halkara aýallar güni tassyklamagyny “ajy ironiýa” diýip atlandyrdy.

Geçen ýylyň 19-njy martynda 27 ýaşly Farhunda Malikzada Kabulda gonamçylygyň daşynda üýşmeleňde ýenjilip öldürildi. Adamlaryň biri Farhundany Gurhany otlamakda aýyplamagynyň yzýany zenan hüjüme sezewar edildi. Bu aýyplama soň tassyklanmady.

Bu rehimsiz ýagdaý ýurduň korrupsiýa batan adalat sistemasyny reformirlemäge we aýallaryň hukuklaryny has berk goramaga çagyryşlary güýçlendirdi.

Zenany öldürmekde aýyplanyp tussag edilenlerden dört adam ölüm jezasyna, galanlary uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Muňa garamazdan şu hepdede Baş sud olaryň tussaglyk möhletini azaltmak barada kararyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG