Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran raketa programmasyndan el çekmez


Brigadir-general Amir Ali Hajizade (s)
Brigadir-general Amir Ali Hajizade (s)

Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň ýolbaşçysy ýurduň ballistik raketa programmasynyň hiç bir ýagdaýda, hiç wagtda bes edilmejegini wada berdi we Eýranyň atmaga taýýar raketalarynyň bardygyny aýtdy.

Brigadir-general Amir Ali Hajizade “Rewolýusion Gwardiýa” BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýranyň raketa işleri boýunça rezolýusiýasyny hiç wagtda kabul etmez diýip 9-njy martda döwlet telewideniýesine aýtdy.

Eýranyň 8-nji we 9-njy martda birnäçe ballistik raketasyny synandygyny, eýran mediasy habar berdi.

Hajizadeniň 9-njy martda aýtmagyna görä, Eýranyň synan “Kadr H” raketalary 2000 kilometr uzaklykdan Ysraýyla hüjüm etmek üçin döredilipdir.

Synçylar Eýranyň raketa synagynyň BMG-niň rezolýusiýasyna we Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirip, ýurda garşy halkara sanksiýalaryny ýatyrmak barada 2015-nji ýylda baglaşylan halkara ylalaşygyna ters gelýändigini aýdýarlar.

10-njy martda eýran Eýran raketa synaglarynyň ylalaşyga garşy çykmagyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG