Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ kiber hüjümlerde eýranly hakerleri günäleýär


“Bowman Avenue Dam” kompaniýasynyň dolandyrýan benti.
“Bowman Avenue Dam” kompaniýasynyň dolandyrýan benti.

ABŞ-nyň media serişdeleri Obamanyň administrasiýasynyň 2013-nji ýylda ABŞ-nyň Nýu Ýork ştatynda kiçi bente garşy kiber hüjümde eýranly hakerleri aýyplandygyny habar berdiler.

Adalat departamenti hakerlere garşy aýyplamany taýýarlandygyny we onuň şu hepdede köpçülige mälim ediljekdigini aýtdy, diýip 10-njy martda Reuters we CNN habar berdiler.

ABŞ-nyň resmileri Nýu Ýork şäherinden 42 kilometr uzaklykda ýerleşýän we suw derejesine gözegçilik edýän “Bowman Avenue Dam” kompaniýasynyň dolandyryjy sistemasynyň däl-de, goşmaça sistemalarynyň hakerleriň eline düşendigini hasap edýärler.

Obamanyň administrasiýasy dekabr aýynda Ukrainada elektrik energiýasynyň üpjünçiligine zeper ýetirilmegine kiber hüjümiň sebäp bolandygy anyklanandan soň daşary ýurtly hakerleriň ABŞ-nyň infrastrukturasyna zeper ýetirmeginden has uly aladalanma bildirýär.

XS
SM
MD
LG