Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan şazadasy we aýaly Balkan ýurtlaryna barýar


Britaniýanyň şazadasy Çarles.
Britaniýanyň şazadasy Çarles.

Britaniýanyň şazadasy Çarlesiň we onuň aýaly Kamillanyň 14-nji martda Balkan ýurtlaryna alty günlük saparyna başlamagyna garaşylýar. Olaryň barjak ýurtlarynyň arasynda Horwatiýa, Serbiýa, Montenegro we Kosowa ýaly ýurtlar bar.

14-nji martda Horwatiýanyň paýtagty Zagrebde şazadany we onuň aýalyny prezident Kolinda Grabar-Kitarowiçiň garşy almagyna garaşylýar.

Soňra jübüdiň Zagrebiň taryhy sebitine, şol sanda Horwatiýanyň uruş döwründe zeper ýeten binalarynyň gaýtadan dikeldiş işleriniň geçirilýän ýerine baryp görmegine garaşylýar. Bu binalara Horwatiýanyň öňki Ýugoslawiýadan öz garaşsyzlygyny almak ugrunda 1991-1995-nji ýyllardaky uruş döwründe zeper ýetipdi.

Britan şazadasy Çarlesiň we onuň aýaly Kamillanyň 16-17-nji martda Belgarada we 18-nji martda Montenegronyň paýtagty Podgorisa barmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG