Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Orsýet Siriýadaky köp uçaryny çykardy


Siriýadaky rus pilotlary
Siriýadaky rus pilotlary

Orsýet Siriýadaky söweş uçarlarynyň köpüsini ýurtdan çykardy we şu hepde ýurduň demirgazygynda hiç bir howa zarbasyny urmady diýip, ABŞ-nyň Ýaragly güýçleri 18-nji martda aýtdy.

"Olaryň henizem ol ýerde dikuçarlary we käbir ýük uçarlary bar. Emma biz Orsýetiň söweş uçarlarynyň köpüsiniň Siriýany terk edendigini gördük» diýip, polkownik Patrik Ryder, ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesinin sözçüsi aýtdy.

Prezident Wladimir Putin 14-nji martda Siriýadaky rus uçaralyrynyň köpüsini çykarmagy buýrupdy.

Bu beýanatda rus prezidentiniň tabşyrygynyň ýerine ýetirilýändigini ABŞ tarapyndan ilkinji gezek boýun alynýar.

Amerikan resmileri ozal Putiniň garaşylmadyk uçar çykarmak planynyň ýerine ýetiriljegine şübhe bildiripdiler.

Käbir synçylar bolsa şindem Orsýetiň Siriýadan çekilmändigini aýdyp, öz diýenine tutýar.

XS
SM
MD
LG