Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Söwda Rohaniniň saparynyň üns merkezinde


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 25-nji martda Yslamabada sapar edýär we Eýranyň hem Pakistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny sanksiýalardan ozalky derejä ýetirmäge çalyşýar.

Rohaniniň hökümetiň sekiz agzasy bilen bilelikde Yslamabada edýän iki günlük sapary Eýranyň döwlet baştutanynyň 14 ýylda Pakistana amala aşyrýan ilkinji wizitidir.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, gepleşiklerde Eýranyň tebigy gazyny energiýa mätäç Pakistana akdyrmak boýunça uzak wagtlap yza tesdirilen gaz geçirijisine uly üns beriler.

Eýranyň Yslamabatdaky ilçihanasy iki tarapyň söwda boýunça bäş ýyllyk strategik palana gol çekmegi we Karaçi hem Çabahar portlaryň arasyndaky söwdany ýaýbaňlandyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Eýranyň resmileri Rohaniniň saparynyň dowamynda şaýy Eýranyň we onuň regional bäsdeşi sünni Saud Arabystanynyň arasyndaky dartgynlylyk, şeýle-de Pakistanyň araçy roluny bilen bagly meseläniň hem maslahat ediljegini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG